“Seven Stars” - islegleriňizi has gowy kanagatlandyrmak üçin ýokary hünärli iş güýji bolan eksport we import boýunça ýöriteleşen bir kompaniýa. Giňeltmek üçin her bir prosesi meýilleşdirmäge, dolandyrmaga we ýerine ýetirmäge ukyply kärhanamyz esasan-da azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň eksport işini amala aşyrmak bilen meşgullanýar. Kompaniýamyz 2013-nji ýylyň dekabr aýynda, Aşgabatda düýbi tutulyp, “Armada” guradylan ir-iýmiş we däne önümleri, “Haraz” konditer önümleri, “Honey House” bal önümleri, “Aura” creative dizaýn işlerini birlikde alyp barýar. Biz Gyrgyzystan, Täjigistan, Mongoliýa, Türkiýe, Özbegistan, Owganystan, Mozambik, Fransiýa ýaly ýurtlara işjeň eksport hyzmatlaryny ýerine ýetirýäris. Geljekde Dubai we Pakistan ýurtlaryna ugratmagy meýilleşdirilýäris. Häzirki wagtda kärhanamyzda 15 işgär zähmet çekýär. Biz her ýyl “Gold food”, “Seneri fuar”, “Tüyab fuar” ýaly halkara sergilere yzygiderli gatnaşýarys.
Müşderilerimize we hyzmatdaşlarymyza bileleşik üçin iň oňat şertleri üpjün edip, ýokary hilli hyzmat, sargyt ýerine ýetirilişiniň dolulygy we wagtynda bolmagyny, amatly hyzmat we dostlukly gatnaşygy hödürleýäris. Maliýe ygtybarlylygy, önümlerin giň möçberde eksport etmek üçin hilimizi we mümkinçiliklerimizi ýokarlandyrmagyň kepilligi bilen hyzmatdaşlaryň ünsüni çekýäris. Işimiziň we hyzmatlarymyzyň gurşawyny yzygiderli giňeldýäris. Kärhanalarymyzyň ykrar edilmegini ýokarlandyrmaga çalyşýarys. Başlangyçda «Ýedi Ýyldyz » azyk import işini ýöretmekden başlan hem bolsa, häzir diňe öz önümlerimiz bilen çäklenmän, eýse başga önümçilik edýän kärhanalaryň önümlerini hem eksport etmäge kömek edýäris. Orta we ýokary ýolbaşçylarymyz wakalary dogry düzmek, çäreleri meýilleşdirmek, jogapkärli kararlar bermek we şu esasda önümçiligi ösdürmek syýasatyny kesgitlemek ukybyna eýe. Ýüzleşýän soraglarynyň köpdürliligi, ýörite bilim, ajaýyp duýgurlyk, ugurtapyjylyk we töwekgelçilik etmek ukybyny talap edýär. Köp babatda bu kompaniýalarymyzyň üstünligini kesgitleýän esasy faktorlardyr.
asd