• +993 12 754-754
  • export@7starsgroup.biz
  • Türkmenistan, Aşgabat, G.Guliýew köçe, 90.
  • tk
  • ru
  • en
  • zh
  • ar
img

ALGAP

“Begler ýoly” hususy kärhanasy 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, iýmit üçin plastik gaplary, miwe we bakja önümleri üçin sebetleri, göwrümli gaplary, himiýa serişdeleri üçin gaplary we şuňa meňzeş önümleri öndürmek işini alyp barýar. Kärhananyň taryhy ýoly uzak bolmasa-da, önümçilik kuwwaty we önümçilik aýratynlygy bilen gysga wagtyň içinde, sözüň doly manysynda, içerki we daşarky bazaryň ynamyny gazanmagy başardy. Kärhanada öndürilýän önümler hiliniň ýokarylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen, müşderileriň ösen islegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär. Muňa kärhananyň hyzmatyndan peýdalanýan, “Miras”, “Sähetli türkmen”, “Ýigit”, “Guba gara”, “Täze aý” we ş.m. birnäçe başga hususy kärhanalary, “Owadan ülke”, “Sap taslama”, “Ajaýyp Ussat”, “Bäş nur”, “Oguz ýol” we ş.m. birnäçe başga hojalyk jemgyýetleriniň we birnäçe telekeçileriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kärhanada öndürilýän önümleriň ählisiniň sertifikatlaşdyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.
“Begler ýoly” hususy kärhanasynyň önümçiliginiň esasy aýratynlygy – öndürilýän önümleriň ählisi dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. Kärhanada awtomatik usulda işler ýola goýlup, hereket edýän enjamlar robot tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan. Munuň özi önümleriň ýokary hilli we döwrebap taýýarlanylmagyna mümkinçilik berýär. Ýokary hilli önümler öndürilip, işleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýandygy üçin kärhana 5 sany – ISO-9001:2015, 5S,GC-MARK, DQS CFS GmbH, IQ NET halkara sertifikatlary bilen sylaglandy. Kärhanamyzda halkara standartlaryna degişli bolan kadalaşdyryjy resminamalar yzygider alnyp barylýar we işgärlerden test alynýar. Kärhanada häzirki wagtda öz işine ökde we höwesjeň işi-hünärmenleriň 50-den gowragy zähmet çekýär. Daşary ýurtly ISO guramasynyň hünärmenleri bilen online internet ulgamy arkaly söhbetdeşlikler geçirilip, geçirilýän iş çäreleri barada maslahatlaşylýar.