• +993 12 754-754
  • export@7starsgroup.biz
  • Türkmenistan, Aşgabat, G.Guliýew köçe, 90.
  • tk
  • ru
  • en
  • zh
  • ar
img

BAGDAN

Ýurdumyzyň bazarlarynyň, raýatlaryň öý we toý saçaklarynyň bezegi bolan guradylan miweler we maňyzlar hakda gürrüň gozgalsa, «Bagdan» gury iýmiş markasyny agzaman geçmek bolmaz. Sebäbi başlangyç ädimlerini ýurdumyzyň günorta künjeginde ýetişýän pisse maňzyny halka hödürlemekden başlan «Bagdan» markasy öz harytlarynyň gömüşini barha artdyrmagy başardy. Häzirki döwürde “Bagdan” söwda belgisi bilen 1 sany konditer, çipsi we maňyz sehi, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň başga welaýatlarynda 10-dan gowrak dükanlar hereket edýär. Müşderileriniň hoşallygyny gazanmagy bagtyýarlygynyň baş çeşmesi hasaplaýan «Bagdan» gury iýmişler hemişe şu ýörelgeden uguralar. Çünki hut şu ýörelgeden ugur alyp, öz gerimini giňeltmegi başaran «Bagdan» gury iýmişler markasy diňe bir ata-Watanymyzyň çäklerinde däl, eýsem, ýokary hilli gury iýmişleriň söwdasyny etmekde dünýäniň dürli künjeginiň bazarlarynda öz mynasyp ornuny tapmagy hem başardy. Ýurdumyzyň bazarlaryny dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän önümleriň ornuna öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek baradaky talaplardan ugur alyp, «Bagdan» mekgejöwenden çipsiler we konditer önümleri öndürmegi hem ýola goýdy. «Bagdan» gury iýmişleriň uzakmöhletleýin maksady hem öňki depginini has-da güýçlendirmekden, ýurdumyzyň bazarlaryny gury iýmiş önümleriniň ýokary hilli harytlary bilen barha baýatmakdan we dünýä bazarlaryna giň ýol açmakdan ybaratdyr. Täzelikde “Bagdan” söwda belgisi bilen pisse-maňyz we çipsi önümlerini 25-100 gram paketlerde gaplanmaga başlady.